Şäheriň sesi

Çagalar. Saz çalýan oglanlar. Howlugyp barýan gelneje. Söýgülisine duşan ýigit. Çilimini otlap oturan ýaşuly. Jürküldeýän guşlar..

Şäheriň sesi

Täze güýmenjäm, bir gyrada oturyp şäheriň sesini diňlemek.

Çagalar

Saz çalýan oglanlar

Howlugyp barýan gelneje

Söýgülisine duşan ýigit

Çilimini otlap oturan ýaşuly

Jürküldeýän guşlar

Mähir gözläp ýanyňa gelýän güjüjekler

Köçäni ýagtyldyp barýan gyzlar

Çala damjalaýan ýagyş...

...

Her biriniň öz dünýäsi bar, hersi bir zatlaryň köýünde...

Her biriniň problemasy bar

Her biriniň begenji bar

Her biriniň maşgalasy bar

Her biriniň ýarasy bar... ⠀

Käbiri taryh

Käbiri gelejek

Käbiri owadan

Käbiri özüçe wajyp

Käbiri özüne göwni ýetýär

Käbiri özünden göwni geçen...

...

Biri aglap barýar,

Biri gülüp barýar,

Biri ogşap dur,

Biri urup dur,

Biri başga birine bir zat düşündirjek bolýar... ⠀

Garaz dünýä aýlanyp dur we dünýäniň merkezinde bolmak isleýän diňe sen däl...

Syrtym kül üstünde, emma göwnümi elmydama kap dagynda saklajak bolup ýörenime düşündim...

Bu gün ýene bir gezek düşünen zadym: Özüňi görmek üçin oturyp şäheriň köçelerine seretmek gerek...