Tbilisi şäherinde, bir sagat ýöreýän 137 nomerli awtobus bilen gijäniň ýarynda Aeroporta barjak bolsaň, pişigiňki ýaly dokuz jan gerek eken. Iň soňky gezek endamyna haçan öl degreni näbelli ýigrimi tüýlek pyýada, setirram bolup hersi bir oturgyja ýelmeşipdirler. Gripden ýaňy açylyp gelýän burnum awtobusa münen badyma halkara gaz geçiriji turbalary ýaly işläp başlady. Bir hepdeden bäri ne tagam ne-de ys bilen eýleden-beýleden tanyşlyk açmadyk içi gylly deşikler, gazyň agramyna çydap bilmedik bolsa gerek. Göz öňüne getirip görýän, şu dykylan burun ys alýan bolsa, öňümde oturan daýzanyň nädip ýykylman oturanyna haýran.

Uzakly gün köçede agşamky içjek Çaçasy üçin pul soraýan Rustaweli meýdanynyň ähli tüýleri, porsan aýaklaryny köwüşlerinden çykaryp, meniň bilen aeroporta tarap syýahata çykypdyrlar. Jorapdan we bedenlerinden bölünip çykýan kömürturşy gazyna garylan spirtiň ysy meni jadylady. Kelläme Garri Potteriň taýagy degen ýaly zehinim açyldy. Öňki ýazan “Paýyrdawuk murtlak gelneje” blogumy ýazdyryp, zehinimi açan ylham çeşmelerini ýada saldy. Ýöne bu gezek topar bolup gelipdirler. Meniň pikirim awtobusyň orta gapysyndan giren ýeriňde horlap ýatan wasýok, ählisini zäherlän bolmaly. Içeri giren şonuň aýak ysyna başy aýlanyp köwşüni çykaryp, tapan ýerine geçip ýatandyr. Umuman gelen ylham gitmänkä telefonymy elime alyp ýazyp oturyşyma, maňa ylham beren ähli Çaçaçy çotgalara köp sagbolsun aýdýan. Ine penjireden daşaryk seretsem eýýäm gelipdiris. Gapy açylyp açylmanka tratuara tarap çaşyp ýykylan daýzanyň dadyna ýetişen taksistlere seredip durşuma, awtobusdan düşdüm. Menden başga düşen-de bolmady.

Registrasiýadan geçip uçara garaşyp oturyşyma, bolan wakalary täzeden swežy kelle bilen pikirlendim. Asyl ol awtobusyň içindäki Çaça jemagatynyň agzalary, gijeleri Aeroport we Merkez Wokzal arasynda krug edýän 50 teňňelik awtobusyň içinde ýatyp turýan ekenler.

Men bolsa, çaşan daýza bilen bilelikde, olaryň hususy emlägine darap, dildüwşükli jenaýat edendigimi şu wagt bilip galdym.