Paýyrdawuk murtlak gelneje

Size bu gün Germaniýa geliş hekaýamy gürrüň bereýin. Essewen howa ýollary bilen Aşşabat - Mossywa - Mýunhen ugry boýunça uçmaly. Aşşabat aeroportynda eli kletka sumkaly bir daýzanyň öňki söýgülim bilen gohlaşyp duranyny gördüm diýmeseň üýtgeşik waka bolmady.

Paýyrdawuk murtlak gelneje

Size bu gün Germaniýa geliş hekaýamy gürrüň bereýin. Essewen howa ýollary bilen Aşşabat - Mossywa - Mýunhen ugry boýunça uçmaly. Aşşabat aeroportynda eli kletka sumkaly bir daýzanyň öňki söýgülim bilen gohlaşyp duranyny gördüm diýmeseň üýtgeşik waka bolmady.

Moskwa barýançak ýokarda howa gül ýaly, salkynjak. Ýadymdan çykmaýan ýekeje zat, ýanymda oturan bir ýaşogyň Esseweniň ors stuardessalaryny görüp bir uludan demini alşy.

Tranzit zonada garaşyp otyrkam bir ors babuşkanyň töweregindäki nökerlerine türkmençe pyrkaz berip oturyşyny görmegem nesip etdi maňa. Näme diýseňizem türkmendir şol, turup soramadygym üçin häzirem özüme käýinýän.

Onsoň ol babuşkadan aýrylyp uçara mündüm. Arkamda oturan iki orsy diý. Bir sagatlap aýaklarynyň ysy işdämi açdy, yzly-yzyna üç kofe içdim. Kofe we aýak ysy birleşse nas kädiniň ýapragyny mahorka dolap çekenden beter bolýan eken. Üssesine öňümde oturan sary, gara murtly, gyşyk burun nemes gelneje aýylganç köp gepläp çaşyrara getirdi. Men iki tupan arasynda galan kel toraňňy ýaly nirä urunjagymy bilmän oturdym. Gep-ys-kofe, triwadnom, beýnimdäki barja galan bir çemçe suwy gaýnatdy, zehinim açyldy, dörediji pikirler bilen içimde ylham çeşmeleri döredi, hudaý tarapyn ýüregime päklik guýuldy.

Şol pursat kelläme, uçarlara tüsse detektorynyň ýanyna ys we gep detektorlary hem goýulmalydygy hakynda pikir geldi. Uçarlarda 90 söz/minut iň ýokary tizlik goýulmaly. Şonda murtlak gelneje 688 söz/minut tizlik bilen radara düşerdi. Motory elektrikli işleýän sessiz lakyrdaýan adam bolmasa hijem mündürmeli däl. Bu pikir geň pikir däl, şo wagtky situasiýa görä pikir etseň, adamyň aňynyň ýetip biljek iň ýokary derejesi.

Umuman Mýunhene geliş ýoly syrat köprüsinden geçen ýaly geçdi. Sag aman barsam diýip aýdan-diýenlerimi ýadymda saklap bilmän ýazan kagyzlarym, gyşda pejimizi öçürmän saklady.

Şeýdip gündelik durmuşda adaty bolýan zatlary ösdürip gürrüň berilýän hekaýalaryň žanryna näme diýilýänin-ä bilemok, ýöne şol paýyrdawuk murtlak nemes gelnejäniň ýanynda, ony diňläp oturan äri ýadyma düşse, henizem oýa wagtym basyrganýan, yz ýanyndanam dem alyp ýörenime şükür edýärin.