Tankydy pikirlenmek
Adamyň kämil diýip boljak derejesi barmy? Kämil adamlaryň hiçisi özleriniň kämildigini bilýändir öýdemok. Meniň pikirim, kämilligi kesgitleýän zatlaryň başynda tankydy pikirlenmek gelýär. Tankydy pikirlenmek gysgaça - alýan kararlaryňy ölçäp bilmegi aňladýar.
Tankydy pikirlenmegi ösdürmegiň käbir usullary, döredijilik işi bilen meşgullanmak, şübhelenmek, faktlary barlamak, meseläni tertibe salmak.
Tankydy pikirlenmegiň kyn tarapy, bir gün öz-özüň bilenem gapma-garşy gelmeli boljagyň. Adam üçin başga biriniň pikirlerini seljermek aňsat, ýöne öz pikirleriniň dogrulyk ýa-da ýalňyşlyk tarapy bilen ýüzleşmesi kyn.
Biziň jemgyýetimizde tankydy pikirlenmegiň pesliginiň sebäpleriniň biri hem, bize çagalygymyzdan başlap, nädip pikir ýöretmelidigini öwretmän, nämäni pikir etmelidigini ýat tutdurdylar. Manysyna düşünmän ýat tutan çözgütlerimiziň, praktikada peýdasyny görmedik. Sebäbi täze mesele ýüze çykanynda onuň çözgüdine nähili çemeleşmelidigini bilemizok.
Leonardo da Winçi bu hakynda suratkeşi mysal getirip, bir zady bolşy ýaly kopiýa edip suratyny çeken adam bir sungat eseri döretdigi bolanok, diňe kopiýaladygy bolýar, diýýär. Sungat bolup bilmesi üçin öz pikirini goşmak şertini getirýär.
Bu pikiri ähli ugurlar üçin hem alsak bolar. Eger bir adam öz ugrunyň sungat adamsy bolmaga çemeleşýän bolsa, onda ol tankydy pikirlenip bilmegi gerek.