MacOS Türkmençe Klawiatura

MacOS Türkmençe Klawiatura
MacOS Turkmen Keyboard

MacOS türkmençe klawiýatura app. Sierra 10.12.6-da işleýär. Özüm ulanmak üçin ýasadym. Harplary Windows Türkmençe KB bilen deňräk, goşmaça käbir aşakdaky ýeňillikleri goşdum:

  • Iňlis dilindäki z,x,c,v,q harplary -> Option bilen ýazyp bolýar. (Meselem internet ulanylanda .com üçin c harpyny dil üýtgetmän Option + c.)
  • Kopiýalamak, goýmak, kesmek ýaly funksiýalar üçin goşmaça Option basmaly bolýar. Meselem: Adatça  Command + C bilen kopiýa edýän bolsak, bu ýerde Command + Option + C ulanmaly bolýar.
  • Kod ýazýanlar üçin []{}\| ýaly walakidalary Option we Option + Shift bilen ulansaň iňlis dili klawiaturadaky öňküje ýerinde dur.

Umuman özüme aňsat ulanarym ýaly etdim. Goşmaça teklipleriňiz bolsa twitterden ýa-da instagramdan ýazyp bilersiňiz.

Indirmek üçin: http://bit.ly/macosTurkmenKB

Update v1.3

  • Caps Lock bilen işlemeýän Ý, Ü we Ä harplary düzedildi.
  • X,C,V,Q uly harplary Option + Shift bilen ýazyp bolar ýaly edildi.