Kris we içi gysan iki türkmen

Kris we içi gysan iki türkmen

Öň hem paýlaşypdym, tanamaýanyň bolsa gysgaça tanyşdyraýyn ady Christoph Rehage, Hytaýdan Germaniýa ýöräp barýar. Türkmenistanyň üsti bilen hem geçip gaýtdy. Batumi şäherinde birnäçe sagat oturyp gürrüň etdik. Täsin ýatlamalary bar eken. Ilki bilen aýdan zady şunça gezen ýurtlarynyň arasynda özünde iň täsir galdyrany Türkmenistan. "Gyzlaryňyz gaty owadan eken" diýdi.

Bilşiňiz ýaly eger tranzit wizaň bolmasa ýurda turist bolup gelmek üçin bir tur bilen gelmeli we ýörite ýanyňda gid bolmaly. Ýagny sen isleseň bir adam bol isleseň 10 adamlyk topar bol tapawudy ýok, ýörite bir şofýor we gid ýanyňda bolýar. Krisiň ýeke özi üçin bir tur goýulýar. Gitjek geçjek ýerleri öňünden düzülýär we tur başlaýar. Türkmenabatdan girip Sarahsdan çykmaly. Türkmenabatdan çykansoň çölüniň içinden geçýän ýoldan ýöräp başlaýar. Ýanynda bolsa iki adam awtoulag içinde ýöreýiş tizligi bilen gelýärler. Pikir edip gör, takmynan 2 hepde şeýle dowam etmeli. Gapdalyndakylaryň nerwisi çydamaýar oňa, nerwi ýaman türkmendir.

Soň bular düşünişýärler öz arasynda, awtoulag gözýetime çenli öňe gidýär we ýöräp gelýänçä garaşýarlar. Soň Kris deňinden geçip öňde gözden ýitip başlaýança çenli durýarlar. Şol arada 2 sagat töweregi wagtlary bolýar. Bu iki türkmen çölüň içinde, töwerekde güýmenere zat ýok, gaty aýylganç içleri gysýar. Bir geçende çäşerilip ýatyrlar, bir geçende roluň üstüne aýagyny galdyryp ýatyrlar. Soň Kris bulara görsün diýip planşedinde bir kino açyp berýär. Ol kino köne we biderek içgysgynç kino özem dili nemesçe. Şony düşünmeselerem görüp gülüşip oturýarlar.

Soňa baka däliräp başlan bolara çemeli, bir gezeginde awtoulagyň deňine ýetip seretse ikisem içinde däl, çägä çykyp biri-birine seredip durlar. Biriniň elinde adaty bir taýak, beýlekä görkezýär “Ine taýak”, beýlekisi “Bäh owadan taýak eken”.

Iki sany içi gysan türkmeniň çölüň orta arasynda şeýdip bir-birine taýak görkezip, ony wasp edip durany göz öňüňe gelýärmi.