Köçeleriň reňkleri - Tbilisi, Gruziýa

Köçeleriň reňkleri - Tbilisi, Gruziýa

Näme üçindir baýlyk diýen söz maňa "köpdürlilik" sözüni ýatladýar. Şonuň üçin bir ýurduň baýlygy hakda oýlanan wagtym onuň köçelerindäki durmuş göz öňüme gelýär. Köpdürlilik, erkin döredijilik, adamlaryň begenji, gynanjy, söýgüsi, ýigrenji, ähli duýgulary ol ýurduň köçelerinde görüp boljagyna ynanýaryn.

Bu gün Gruziýada 10-njy günüm. Ýolda, yzda, kafede, hostelde, köçede kime gabat gelsem gepleşýän, öwrenýän, durmuşlary bilen gyzyklanýan. Tbilisi ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşlaryndan, meniň üçin gyzykly bolan käbir pursatlary siziň bilen paýlaşmakçy.

Gyzlaryň suratyny goýsaň makalaň has köp okalar diýdiler, menem şonuň bady bilen köçede gülüşip duran gyzlardan haýyş edip surata düşdüm. :)

Şäheriň ähli ýerinde suratçylar, ussalar, tanslçylar we ş.m turistlere öz ukyplaryny görkezip pul gazanýarlar. Rustavelle köçesinden geçip barýarkam birnäçe suratçynyň sungatyny sergiläp, satyp oturanyny gördüm. Olardan biri ünsümi çekdi:

Tbilisi şäheri sowet soýuzynyň muzeýi ýaly. Niresine barsaň şol döwürden galan binalary görse bolýar. Men adatym bolmasa-da käbir binalaryň suratyny düşürdim ýöne içgin gyzyklanmadym. Gyzyklanýanlar Wikipediadan okap biler. Sowet stilinde Opera we Balet teatry şäheriň içinde göze ilýär.

Tbilisi Opera we Balet Teatry

Gruziýanyň Ylymlar Akademiýasynyň jaýynyň öňündäki, el işleri we suratkeşleriň sergilerini gowy gördüm. Oturan ýerleri tratuarlaryň görküni bozýan ýaly görünse-de, "erkin döredijilik dogry ýerde" diýdirýär.

Gruziýanyň Ylymlar Akademiýasynyň jaýynyň öňündäki köçe bazary.