Iň köp ulanýan 10 web saýtym

Gündelik durmuşymda ulanýan käbir web saýtlar, app-ler. Size-de peýdasy deger diýip umyt edýän. Iň gowy görýänimden başlaýyn. Couchsurfing – Dünýäniň her ýerinden syýahat edýänler bilen duşuşmak, täze dostlar edinmek, myhman kabul etmek, myhman bolmak üçin gowy platforma. couchsurfing.com

Iň köp ulanýan 10 web saýtym

Gündelik durmuşymda ulanýan käbir web saýtlar, app-ler. Size-de peýdasy deger diýip pikir edýän. Iň gowy görýänimden başlaýyn.

  1. Couchsurfing – Dünýäniň her ýerinden syýahat edýänler bilen duşuşmak, täze dostlar edinmek, myhman kabul etmek, myhman bolmak üçin gowy platforma.
  2. Duolingo – Dil öwrenmek üçin mugt platformalaryň arasynda iň gowularyndan biri. Hem mobil app hem-de webden işleýär. Söz öwrenmek, diňlemek, gepleşmek we grammatika öwrenmek üçin ideal.
  3. SoloLearn – Hemmeler azajygam bolsa kodlama bilmeli. Adamyň pikirleniş ukybyna köp peýdasy bar. Sada we iň ýönekeý usulda kodlama öwrenmek üçin Mugt SoloLearn app ulanyp bilersiňiz. Içinde ýazjak kodlaryňyzy işledip hem bolýar.
  4. Transferwise – Daşary ýurda pul iberip-pul alýan bolsaňyz iň amatly firma. 4 zonada (Beýik Britaniýa, Euro zona, ABŞ we Awstraliýa) bank hasabyňyzy döredip bolýar. Ilkinji transferiňizi mugt etmek üçin şu linkden agza bolup bilersiňiz.
  5. EdX – 1900+ kurslary bilen, dünýä belli MIT, Harward ýaly uniwersitetlerden mugt online kurs almaga mümkinçilik döredýär. Ujypsyz tölegli Sertifikat hem alyp bolýar.
  6. Canva – Twitter, facebook, instagram, logo we ş.m ýene birnäçe maksatlar üçin telefonyňyzda ulanyp boljak grafika dizaýn programmasy. Öz içinde köp taýýar templateler hem bar.
  7. Skyscanner – Gezmegi gowy görýänlere iň amatly uçar reýslerini tapmak üçin gowy saýt. Kiwi, kayak ýaly saýtlary hem barladym ýöne meniň syýahat stilime gabat gelýäni şu. Iň gowy tarapy komissiýa alanok we “flexible” gözlegi.
  8. Booking – 29 müňe ýakyn otel bazasy bilen dünýäniň iň uly otel sistemasy. 1 gezeklik 10% arzanladyş üçin şu linkden agza bolup bilersiňiz.
  9. Airbnb – Booking sistemanyň jaý / kw wersiýasy. 2–3 adamdan köp bolup syýahat edýänler üçin baran ýeriňde bir öýde bolmak köplenç otelden amatly bolýar. 75$+ üçin 29$ arzanladyş, 49$+ üçin 10$ arzanladyş almak üçin şu linkden agza bolup bilersiňiz.
  10. Evernote – Dowamly bellikler alýan bolsaňyz, bu programma peýdaly bolup biler. Ýazýan bellikleriňi hem telefondan, hem kompýuterden ulanyp bolýar.