Günämiň reňki

Säher bilen oýanan badyna kiçi otagyň içinden geçip, penjirä tarap ýöredi. Maşgala däbi ýadyna düşüp yzyna öwrüldi-de, düşegine gysylyp ýatan gyzyny ýüzüne syldy.

Günämiň reňki

Säher bilen oýanan badyna kiçi otagyň içinden geçip, penjirä tarap ýöredi. Maşgala däbi ýadyna düşüp yzyna öwrüldi-de, düşegine gysylyp ýatan gyzyny ýüzüne syldy.

“Säher turup syl ýüzüňe çagaňy…”

Giň penjiräniň alkymynda durup, gözüni ýumdy.

Garagumyň alaňyndan ýaňy dogup gelýän günüň şöhlesi, sazaklaryň arasyndan süzülip, ýüzüni ýylatdy. Uludan demini aldy. Has uzagy synlady.

“Mallaryny gaýra tarapa sürüp barýan çopan, taýagyny ýokary galdyryp kime seslenýärkä?” Onuň yzyna düşüp barýan uzyn kölegesini, äpet jandara meňzetdi.

Gün depeden saýlanyp başlady.

“Bu pasylda günüň reňki nähili bolýardyka?” - ýadyna salmak üçin ýüzüni çytdy.

Çopan ýitdi, sazak görnenok, reňkler soldy.

Çekgesi gaşyna degäýjek bolýardy. Ýüregi jyz etdi. Bedeni gowşady.

“Ýok, başaramok”.

Özüne gahar etdi.

“Heý ýurduňy taşlabam dünýäniň ol ujuna gaýdylarmy? Öz ýurduň gününiň reňklerem-ä ýadyňa düşenok…”

Haýaljakdan gözüni açdy. Gün dogup gelýär. Gyzyl reňkli asmanyň astynda, dürli reňklere boýalan sada, owadan jaýlary gördi.

“Manysyz beton tümmekler.”

Gözüne ýaş aýlandy, bütin dünýäsi bulanyklaşdy.

“Iň bolmanda ýekejäňiz, obama dogýan günüň reňkine meňzäýmeli dälmi?!”

Ýakynynda duran oturgyja özüni goýberdi.

"Meniň günämiň reňki näme?"