Gemrilen süňk
Bu bolsa döwletli adamlar bilen halkyň arasyndaky ikitaraplaýyn hormat we sylagy aňladýardy. Muny Gorkut ata dessanynda Salyr Gazanyň toýdan soň öýüni talatmagynda hem görýäris.
Gadymy orta asyrlar türkmen däp-dessurlarynda öýünde toý beren beg, myhmanlar iýip içip bolanlaryndan soň aýalyny we çagalaryny alyp daşary çykarlar. Myhmanlara, özlerine degişli bolan ähli öý-goşlary we ir-iýmişleri almalaryna (talaň etmelerine) rugsat bererdiler. Myhmanlar bolsa alan zatlary bilen öý eýesine salam berip hormatyny bildirip gaýdardylar. Bu bolsa döwletli adamlar bilen halkyň arasyndaky ikitaraplaýyn hormat we sylagy aňladýardy. Muny Gorkut ata dessanynda Salyr Gazanyň toýdan soň öýüni talatmagynda hem görýäris.
Häzirki döwürde ençeme baýlaryň abraýyny ýaşyl kagyza dolaýmaly boldy. Türkmenleriň arasynda paýlaşmak öňler abraý hasaplanýarka, indi bolsa "ynsap zibilde ýagşy" diýmek bilen çäklenmän, ol pikiri bilen öwnüp başladylar. Doýmagy bilmän, ejizi talaň etmegi endik edindiler.
Bu barada geçen asyryň başynda ýaşap geçen türk şahyry Tewfik Fikretiň, häzirki döwri 100 ýyl mundan ozal taryplan goşgusyny türkmen diline terjime edip paýlaşmak isledim.
Talaňçylar saçagy
Eý, jenaplar, bu saçaklar taýyndyr ýuwdulmaga,
Törüňizde serlip ýatyr, görüň, bu ýurduň jany,
Ölüm penjesinde millet - azapkeş halkyň gany.
Çekinmäň siz, iýiň, bakmaň perýatdyr-aga.
Iýiň, jenaplar, iýiň, siziňdir işdä saçagy,
Doýýançaňyz, dykyberiň, iýiň ýarylýançaňyz!
Jenaplar, siz aç, bu sypatyňyzdan belli,
Bu gün dykyp iýiň, ertire galjagy näbelli.
Bu doýurjy tagamlar, siziň bilen galkyndy,
Ýeňşiňiz mukaddesdir, bu hak size saýlandy.
Iýiň, jenaplar, iýiň, siziňdir işdä saçagy,
Doýýançaňyz, dykyberiň, iýiň ýarylýançaňyz!
Ine törümiz, begler, siziňki, näzirgäp durmaň,
Nesil-pesil, ar-namys, toý-tomaşa, jaýy-da talaň.
Hemme size, jenaplar, mal-mülküm, bolsamam galyň,
Siziňki, siziňki, çekinmäň, taýýar alyň, ýuwdunmaň!
Iýiň, jenaplar, iýiň, siziňdir işdä saçagy,
Doýýançaňyz, dykyberiň, iýiň ýarylýançaňyz!
Siňdirmesi kyndyr elbet, köp iýmegiň ýok zyýany,
Doýuň, serhoş boluň, ar-alyň, sürüň bu gün döwrany.
Sizi doýurmakdyr, saçagymyzyň bereketdir abraýy,
Baş, bagyr, öýken, ýürek, alyň ähli ganly lukmany.
Iýiň, jenaplar, iýiň, siziňdir işdä saçagy,
Doýýançaňyz, dykyberiň, iýiň ýarylýançaňyz!
Berer biçäre halkymyz, ählije elde baryny,
Ömrüni, umydyny, maksadyny, myradyny,
Ýüreginiň arzuwyny, göwnündäki kararyny,
Satyň, talaň, seljermäň siz halalyny, haramyny.
Iýiň, jenaplar, iýiň, siziňdir işdä saçagy,
Doýýançaňyz, dykyberiň, iýiň ýarylýançaňyz!
Bu harmanyň soňy geler, gitmäňkäňiz gapyşdyryň,
Bir görseňiz söner erte, bu günki jaýrylan ojak,
Bu gün siziň garnyňyz aç, çorbalar bolsa gyzgyn,
Iýiň, ýuwudyň, gemiriň, gujak-gujak, çanak-çanak.
Iýiň, jenaplar, siz iýiň, siziňdir bu işdä saçagy,
Doýýançaňyz, dykylýançaňyz, çişýänçäňiz, ýarylýançaňyz, ýolunýançaňyz, dişläň, soruň, gemrip iýiň!
Bellik: Kapiýasyny gabat getirmek üçin manysyny ýitirmän terjime etmäge çalyşdym. Geljekde has professional terjimeçiler üstünde işlärler diýip umyt edýärin. Originalyny okamak üçin: Tevfik Fikret - Han-ı Yağma