Garry mamam we Gitler

Garry mamam we Gitler

Bir gün, fizik, himik we rus dili mugallymy daýylarym, üçüsi bile bir motory otlajak bolýarlar. Motor otlananok. Her ýerini barlaýarlar, ýagyny täzeleýärler, arassalaýarlar, garaz hersi öz ugrundan pikirlenip çözgüt gözleýärler emma otlamak başardanok.

Çagalarynyň kösenip duranyny gören mamam pahyr durup bilmän: “Benzini gutarandyr şonyňyzyň” diýýär. Üstlerinden güljek bolýandyr öýdüp, bir-birine seredip gülüşip dowam edýärler. Ýarym sagat soň, “hany göreli” diýip benzin baky açyp görseler hakykatdan hem benzin ýok. Hemmesi mamama seredýär.

Fizik daýym:

- Haý eje, sen-ä alty ýyllyk okuwyň bilen şeýle bolsaň, ýokary bilim dagy alan bolsaň Gitlerden öň ýurdy basyp alardyň.