Elif Şafakyň "Mahrem" romanynda pedofiliýa öwgi barmy?

Elif Şafakyň "Mahrem" romanynda pedofiliýa öwgi barmy?

Elif Şafaky türkmen diline terjime edilen "Yşk" romany bilen hem tanaýansyňyz. Ol türk-iňlis ýazyjysy, feminist, akademik, ýazyjy we zenan hukuklary aktiwisti. "Mahrem"-e, 20 ýyl mundan ozal "Türkiýe Ýazyjylar Birleşmesi" tarapyndan ýylyň iň gowy romany baýragy berlen. Häzir çap edilen neşir sany 60-y geçdi. 20 ýyl öň çykyp müňlerçe okyjy we ýazyjynyň elinden geçip gelen kitap, iň soňunda sosial ulgamlarda "pedofiliýany öwýär" diýip ýazgarylyp başlandy.

Romanyň gahrymany, çagalygynda bir öýde öý eýesi bilen goňşy bolup ýaşaýar. Öý eýesi, semiz, gödek we rehimsiz bir aýal. Çaga ol öýde bu aýala öz enesidir öýdüp ulalýar. Ol aýal, çagadan, öýüň içinde bolsa-da eşikli gezmegini talap edýär. Çaganyň özi manysyna düşünmese-de, eşikli gezmelidir öýdýär. Romanda, çet ýaşaýyş ýerlerindäki eneleriň gyzlaryny gereginden artykmaç gorajak boluşlaryny, hatda "gyz çaga başyma bela getirmesin" diýjek derejede öz “abraýyny” pikir edişini beýan edipdir. Bulardan başga-da çaganyň täsirinde galan zady, enesiniň “çagalar köp geplemez, gepleseň diliňden ýara çykar” ýaly basyşlarynyň täsirini çaganyň durmuşynda görülýär. Umuman çaga şeýle ýerde önüp ösýär. Ol mähelledäki çagalar bir gün gizlenpeçek oýnaýarlar. Oýun oýnanlarynda-da şol enäniň täsirinde oýnan çaga, oýunyň kadalaryny gereginden artykmaç çynlakaý kabul edip, kadadan çyksa enesiniň gaharynyň geljegi pikiri onuň ýakasyny goýbermeýär. Gizlenmek üçin kömür jaýa girende ol ýerde bir nätanşa duşýar. Oýunyň kadasy üçe çenli sanalanda gizlenen ýeriňden çykmak. Nätanyş adam ol çaganyň kadadan çykmajagyny bilip üçe sanaýan bahanasy bilen "iki" diýip gözüni ýumdurýar we zorlaýar. Çaga "üç" sesini eşitmedigi üçin sesini çykaryp bilenok we oýunyň kadalaryndan çykman durmaly bolýar.

Bu wakany, çaganyň bir doktora uzak rehabilitasiýa netijesinde gürrüň berýändigini aňsa bolýar. Hekaýa, doly çaganyň gözünden gürrüň berilýär. Detally suratlandyrmasy ýazyjynyň öz inisiatiwasy, belki-de detallandyrman bilerdi. Ýazyjy bu ýerde hiç hili pedofiliýa öwgi berenok, tersine okyja, jemgyýetiň içindäki bu ýürekbulanç hadysalara bolan ýigrenji döretjek duýgulary berýär. Ilki çaganyň zorlanmasyny ýazmak bilen yzyndan bolsa çaganyň nähili arassa we päk dünýäsiniň barlygyny suratlandyrýar. Şeýlelikde okyjy kirli dünýä bilen päk dünýä arasyndaky tapawudy görüp bilýär. Umuman aýdanyňda biziň okap otyrkak ýüregimizi agyrdýan hekaýalary, çagalar başyndan geçirýär. Bu hadysalary açyk gozgap bilýän ýazyjylaryň bolmagy, jemgyýetiň içinde şeýle hadysalaryň azalmagyna getirjek çözgütleriň başynda gelýär.