Çagylly köçäniň asfaltly howlulary
Gulagyna daşarda üýrýän itiň sesi geldi. Gözüni açyp penjirä seretdi. Gün agarypdyr. Howsalaly ýerinden turup geýindi. Gije mellegine goýberen suwy üçin aladalandy.
"Daş Metjidiň şöhleleri" hekaýasynyň ikinji bölümi. Birinji bölüm şu ýerde.
Daşarda üýrýän itiň sesi eşidildi. Gözüni açyp penjirä seretse gün eýýäm agarypdyr. Gije mellegine goýberen suwy ýadyna düşüp, ýerinden howsalaly turup geýindi.
“Gark bolan bolaýmasyn.”
Öýünden çykyp atyzlara seretdi. Wagtynda turanyna düşünip uludan demini aldy. Teläre ýaplangy duran pilini egnine atyp biynjalyk ýöräp gelşine çagylly köçä tarap sowuldy.
“Bir käse çaý hem içmändirin”
Uzakda, çar tarapa ylgaşlap, çopan taýak oýnaýan çagalary bir salym synlap durşuna, ýyllap geýen, reňki solak telpegini çykaryp kellesini sypady. Uzaklarda, ýabyň boýundan ýöräp gelýän ýaşlar hem göründi.
“Ir bilen nirä barýarlarka?”
Wagtal-wagtal yzlaryna seredip gelişlerinde, bir oňaýsyzlygyň bardygyny aňdy. Bir gözi bilen olary synlap durşuna sakany bekleýärdi.
- Salawmaleýkim Oraz aga.
- Waleýkimessalam Tirkiş. Ýol nirä beýle?
Maýsanyň ýüzüne seretdi. Nirä barýanlaryny özleri hem bilenokdy.
- Şatdynyň ýok ýerine.
- Täze obadan näme habar?
- Anna partygyň goldamagynda täze karar aldylar. Obada çyra ýakmak bolanok. Şatdynyň güni geldi, indi islän ýerine pohlaýar….
Ýaşuly gözüni ýumup uludan demini aldy. Gahary gelenini bildirmejek bolup jan edýärdi:
- Düşnükli. Ýoluňyz açyk bolsun. Gerek zadyňyz bolsa hökman habar ediň.
Oraz aga köpi gören, orta ýaşdan geçip gojalykdan gädip ugran äpet pyýada. Giç agaran saçy henizem gür görünýärdi. Üç maşgalaň ýüküni ýeke özi egninde çekse-de, elmydama başy dik gezerdi. Obada ondan mylaýym adam ýokdy, ýöne näme üçindir hemmeler çekinýärdi. Ýaşlaryň obadan gitmegi ony gynandyrdy. Beýle ýagdaýlary uly betbagtçylyk hasaplaýardy. Ýene gaşyny çytdy. Öz çagalaryny göz öňüne getirdi.
“Ýagtylyk ýok bolsa, ol-a adam eken, iti baglasaň durarmy?!”
Öýüne tarap ýöredi, köçäniň iri çagyl daşlary aýagyna degip bimaza etdi.
- Nebir asfalt bolmaly köçe! Onuň deregine başga ýerler gül ýaly asfaltly boldy! - diýip töwerekdäki howlulara seretdi.
Oraz aganyň howlusyndan başga ähli howlular asfaltlanandy. Häkimligiň köçä döküp giden mazutly çagyllaryny, gije howlusyna çeken goňşulary onuň ýadyndan çykanokdy.
“Ol gije hudaýam gördi, menem gördüm. Halkyň adalatyna duçar bolmasaňam, hakyň adalaty bardyr.”
Buharaň köşgüne kölege salýan arçynyň kaşaň jaýy gözüne ildi.
”Özüň ogry bolsaň, arçynyň nirä gitsin?!”
Şahyryň sözleri ýadyna düşdi:
“Ol-a togsan manat aýlykly skylatçy, menem togsan manat aýlykly kitaphanaçy…”
Ýoldaşynyň howla girenini gören Şeker daýza oňa mähir bilen ýüzlendi:
- Men işe ýöremeli, naharyň taýýar. Çaýyň hem basyrylgy.
- Köp sag bol, özüm ederdim-dä. Sen gijä galma.
Tut agajynyň kölegesine ýazylgy ýüň keçä gözi düşdi. Üsti basyrylgy çäýnegiň ýanyna geçip ýassygyna ýassandy.
“Adam diýeniň, öz aladasyny edişi ýaly, il-güni, obasy üçin hem bir zatlar etse ýagşy.”
Pikire batdy. Içini dökmek üçin bir dost gözleýäne meňzeýärdi.
“Obanyň çyralary döwlensoň, biri-biriňi tapmagam aňsat däl.”
“Belki bir ýagdaý döredip çyra ýakyp bolsa…“.
Ajy ýylgyrdy.
“Bolsady ekip hasyl alypdyrlar diýibem-ä eşidemok”
“Bu döwürde hili gowy çyrany nireden tapjak. Häzirki çyralara-a ynam ýok. Ählisi ýasama. Ýasama-da bolsa çyramyz-a ýok däl, diýip özüňe göwünlik beräýmeseň”.
“Nämämiz bolmasa-da, utanmaga-a zadymyz köp”.
Ýaltalygyna bahana gözleýän ýaly, hümürdäp ýatanyna utandy. Sowap barýan içi boýçuly ýarym käse çaýyny içip, ýerinden turdy. Tamdyra tarap ýöredi. Gyzaryp duran ojar közüne seredip içini gepletdi:
“Çöregem ýanmasa bişenok”
Gözüne jan gelen ýalydy. Kendirigiň üstündäki, ýaňy tamdyrdan çykan gyzgyn çöregiň ujundan gädip aldy-da suwa batyryp agzyna atdy. Wagtynda ejesi, gelinlerine gadymdan gelýän tagamly tamdyr çöreginiň bişirilşini öwredipdi. Agzynda eräp giden çöregiň tagamyny dyrnaklaryna çenli duýdy.
- Eliňe güller bitsin gelin.
Ýaşmagynyň aşagyndan “sag boluň” diýip başyny ýaýkady.
Tamdyryň gaýra tarapyndaky köne agaç gapyly kladowka girdi. Daşyna çykanda gelin bir zat aýtjak ýaly seretdi. Ýaşmagynyň aşagyndan gelen sese düşünmedi. Köp ýyllardan bäri düşünmän gelýän ýaşynmak adaty ony häzir bimaza etdi.
- Men indi bu gelinler bilen gepleşip bilmän ötüp gitmeli bolarmykam.
Gelin utandy, ýaşmagyny aşak çekip eşider ýaly utançly seslendi:
- Daýzam sorasa nirä gitdi diýeýin?
- Haýyrly işe.
"Bu döwürde iň haýyrly iş, gatnawy ýygylaşan ýollary arassalamak..."
Içi gurally horjuny egnine atyp, gonamçylyga tarap ýöredi.