Şemalyndan tüweleý turuzýan gelneje, täze alan ýaşyl köýnegini geýdi-de, boýnuna gapak ýaly gülýakasyny dakyp, “köçe meniňki” diýen ýöriş bilen zala girip gitdi. Zaldakylaryň “ýene şu kempirmaý” diýen seredişleri bilen, 20 ýyldan bäri ýat tutup bilmedik goşgusyny okady.

Goşgynyň mazmuny hakynda zaldakylaryň düşünen ýekeje zady, gapyrjaga dykylan gurbaganyň owadanlygy barada edebi waspnamady. Ýazan goşgusyna özi hem düşünmeýän kempir, labzy bilen many berjek bolup çyglyp duran ýerinden, zaldaky diňleýjilere-de göz aýlaýardy. Çala açylan arka gapynyň öňünde ýaslanyp duran ýarym tüýlek, gödekje pyýadadan gorkusyna, demini gulagyndan alyp oturan zaldaky ýaş komsomollaryň arasynda göze iler derejede goşgusyna duýgudaşlyk görkezýän ýokdy. Üçünji setirde, bir sakgally gyzyň ýanynda oturan oglanyň elini gymyldadýanyny görüp begendi. Ýüzi kir sabyn bilen ýuwlan, uzakdan seredeniňde, gatan sypatyndan bir bada hiç zat aňyp bolmaýany üçin has siňe seretdi. Çep eliniň süýem barmagyny burnunyň sag deşigine sokup, gazap oturanyny görmek üçin beýle ýiti göz gerek däldi. Daşyndan, ýitiren gymmat bahaly göwherini gözleýäniňki ýaly yhlasly çemeleşişini synlady. Öz ýanyndan, "burny gopan ýer-ýuwdan, eliň burnuňdan çykanda, ýalňyşyp ýanyňdaky gyzyň sakalyna bir çalaýma" diýip içini gepletdi. "Men näme üçin bu sypan çotgalary gaýgy edýän diýsene, häzir pulumy alsam, ýüz gram alabaý bilen çözülýär-ä bu zatlar".

Sahnadan aşak düşülýän merdiwanlara tarap ýöräp başlanynda, standart el çarpyşmalaryň içinde, ýürekden çarpýany barmyka diýip umyt bilen zala göz aýlady. Zalda, çep burun deşigini gazyp bolan oglanyň sag deşige aralaşmak üçin barmagyny ýokary galdyryp barýany gözüne ildi. Şol halda, merdiwandan düşüp gelýärkä, aýagyny basan ýerindäki agajyň gyjyrdysyna tisgindi. "Wah şu wagt arkadaky ýarym tüýlek bolmadyk bolsa, şu gyjyrdaýan agajyň çüýlerini şol burunlak oglana lapata niýetine hödür ederdim" diýdi. Kempirden soň sahna çykmak üçin garaşyp duran, ýeňsesi poslan pil ýaly burunlak pyýada, çüý we burun sözlerini eşidip, özüne aýdylýandyr öýdüp çiňerilip seretdi. Zaldan çykyp barýan gurbagaçy kempir, gapynyň sekisinden ýene bir gezek zala seretdi. Zalda, burnundaky deşikler bilen işi biten oglanyň barmagyny ýanbaşyna tarap süýşürip barýanyndan başga hiç zat görüp bilmedi. Şonda ol, düýnki içen alabaýynyň böwri deşilen boş çüýşesini ýany bilen getirmedigine ökünip çykyp gitdi.

Şeýle wakalar günde-günaşa bolup dursa-da, üçünji setirde oturan arheologyň ykbaly hakynda hiç kim dil ýaryp bilmedi.