Bir türkmen näçe dil öwrenmeli?
Görşümiz ýaly ene dilimize goşmaça, aňsat, ýüz ugra öwrenip boljak iki sany dil bar. Aslynda olary öwrenmejek bolup ýörite iş edinip uzak durmasaň bolany, halkyň içinde öz-özüň öwrenip gidýärsiň.
/Syýahat belliklerimden/
Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde gije dostum bilen aýlanyp ýörkäk ajygyp başladyk. Maçakhela (Machakhela) atly 24 sagat açyk bir restorana gitdik. Öňümize, üç dilde, iňlis, rus we gruzin dilinde ýazylan menýu geldi. Ofisanty çagyryp, nahara we salata goşulmaly, goşulmaly däl zatlary düşündirjek bolup iňlisçe gürläp başladym, hiç hili düşünmedi. Soň rusça düşünýändir diýip ikinji kanala geçdim ýene-de düşünmedi. Belki ofisant Azeri bolmagy mümkin diýip türkçe düşündirjek boldum ýene-de başarmadym. El, mimika bilen başlygyny çagyryp düşündirdik. Şondan soň gruzinleriň bilýän dilleri barada gyzyklandym. Ýylda 9 milliona ýakyn turist kabul edýän 4 milliona ýakyn ilatly öňki SSR döwletinde ýaşap, iňlis dilinde ýa-da rus dilinde sargyt kabul edip bilmeýän ýaşlarynyň bolmagy gynandyrdy.
Gruziýada 30 ýaşdan kiçileriniň rusça bilýäni gaty az. Gürrüňe iňlisçe başlaýaň, düşünmese ümsüm gaýdyber. Ruslar bilen syýasy tarapdan arasy gowy däl bolansoň, diline-de duşman bolan ýaly. Ýöne 30 ýaşdan ulularyň rusça bilmeýäni ýok diýseňem bolar. Bir dili ulanyşdan aýyrmagyň özi bir erbet zat, ýöne aýyrýanam bolsaň ýerine güýçli alternatiw goýmaly. Bolmasa häzirki boluşlary ýaly ne iňlis ne-de rus dilini bilýän bir topar işsizler döreýär.
Bu temada Ermenistan has gowy. Ýaşy-garrysy rusça gowy bilýär. Ýaşlary iňlisçä-de höwesli, gürleşýänleri köp. Öňki sowet ýurtlarynda doglanlara rusça öwrenmek aňsat. Ony öwreneniňden soň üstüne başga dil goşýan bolsaň soň goşubermeli.
Bir türkmenistanly haýsy dilleri öwrenmeli, biziň üçin dil öwrenmek nä derejede kyn?
Ilki bilen öwrenmeli dilimiz ene dilimiz. Başda özüm, köpümiz türkmen dilini gowy bilemizok, grammatikasyny, orfografiýasyny (sözleriň dogry ýazylyşyny) bilemizok.
Türkmen dili /aňsat/ - grammatikasyny, orfografiýasyny öwrenmeli. Öz ene dilimiz şonuň üçin öwrenmek köp wagtyňy alanok. Ýörite onlaýn orfografik sözlükler bar şony ulanyp ýazsa bolar. Sebäbi käwagt ulanýan sözlerimiziň ýazylyşyny ýatdan bilmek kyn.
Rus dili /aňsat/ - okamagy, gürleşmegi öwrenmeli. Daş töweregimizde rus dilini gürleşýänler köp. Ene-atalarymyz, dostlarymyz, dükanlarda satyjylar. Umuman praktika geçip boljak ýerler bar.
Türk dili /aňsat/ - okamagy, gürleşmegi öwrenmeli. Bu hakynda aýdyp oturasy zat ýok. Ejem 55 ýaşynda öwrendi. Soňky döwürde her öýde diýen ýaly türk kanallary bar. Köçede ýaşlaryň ýarysyndan gowragy türkçe bilýär.
Iňlis dili /kyn/ - okamagy, gürleşmegi, ýazmagy öwrenmeli. Kyn bolsa hem, kariýera üçin hökman bilmeli dil. Umuman her kim bu diliň näme üçin wajypdygyny bilýär. Seni hiç wagt aç goýmaz. :)
Görşümiz ýaly ene dilimize goşmaça, aňsat, ýüz ugra öwrenip boljak iki sany dil bar. Aslynda olary öwrenmejek bolup ýörite iş edinip uzak durmasaň bolany, halkyň içinde öz-özüň öwrenip gidýärsiň. Iňlis dili bolsa wagt aýryp öwrenmäge degýär. Dil tarapdan örän maňlaýly jemgyýetde ýaşaýanymyza göz ýetirdim.
Halkyň arasynda käbir dillere garşy bolan ýalňyş garaýyşlar bar. Meselem, başga dilde öwünmek üçin gürleşilýän ýaly görülýär. "Eý doss türkçe gürleme bäri Türkmenistan”, "rusça gürläp gomparjak bolma” ýaly gürrüňleri bir gapdala goýmaly-da gürleşibermeli. Elbetde özüm döwlet edaralarynda gürleşilýän diliň we dokumentleriň türkmençe bolmagynyň tarapdary. Aslynda dokumentler öňki ýaly iki dilde, türkmen we rus dilinde bolsa has gowy bolardy. Eger geljekde ýaşlaryň iňlis dilini bilýäni köpelse belki ol hem goşulsa bolar.
Näme üçin rus dili Türkmenistan üçin möhüm?
Meselem, ýakyn taryhy ele alaly. Rus dilini bilmeseň, türkmeniň soňky 100 ýylynyň taryhyny (3 nesil) öwrenmek üçin başga çäre ýok. Boşan alabaý çüýşesiniň saýasynda ýazylan türkmençe "çeşmelerden" başga hiç zat tapmarsyň. Ol döwürde döwlet dili rus dilinde bolansoň ähli materiallar diýen ýaly rus dilinde ýazylan.
Wagtynda SSR-e garşy alnyp barlan syýasata doly düşünmedik nesil, aňynda rus diline garşy bir diwar ördi. Mümkinçilik barka-da öwrenesi gelmedi. Şeýle bolgusyz sebäp bilen, dünýäniň iň baý dilleriniň biri aramyzdan ýitip barýar. Gürleşmeseň dil öwrenip bolanok. Gürleşibermeli! Gomparmak üçin, aýnamak üçin, söýgüliňiz üçin... garaz bir dili öwrenmek üçin gürläýmeli. Ýöne resmi bir ýerde işleýän bolsaňyz döwlet dili türkmen dilidigini ýatdan çykarmaly däl. Size iş bilen ýüz tutup gelýän adamlar türkmen bolsa, döwlet dilinde, ýagny türkmen dilinde hyzmat etmeli. Bolmasa, meniň ýaly kejir birine duşsaňyz, rusça bilse-de sizden türkmençe jogap aljak bolup heläk eder. :)
Jemlesek: Elimizde pursat bar wagty öwrenip boljak dilleri hökman öwrenmeli. Meselem Lebap we Daşoguzda ýaşaýanlar ýokarky agzalan dillere goşmaça Özbekçe öwrenmeli. Balkan tarapdakylar bolsa Gazakça. Köp dil bilmek dünýägaraýşyňy giňeldýär. Özüňe ynamyňy artdyrýar. Dünýä bilen integrasiýany aňsatlaşdyrýar. Alzheimer keseliniň bolsa “nomer odin” dermany.