Blogyň Azady

Boş çüýşäniň gerek ýeri

Şemalyndan tüweleý turuzýan gelneje, täze alan ýaşyl köýnegini geýdi-de, boýnuna gapak ýaly gülýakasyny dakyp, “köçe meniňki” diýen ýöriş bilen zala girip gitdi. Zaldakylaryň “ýene şu kempirmaý” diýen seredişleri bilen, 20 ýyldan bäri ýat tutup bilmedik goşgusyny okady.

Tankydy pikirlenmek

Adamyň kämil diýip boljak derejesi barmy? Kämil adamlaryň hiçisi özleriniň kämildigini bilýändir öýdemok. Meniň pikirim, kämilligi kesgitleýän zatlaryň başynda tankydy pikirlenmek gelýär. Tankydy pikirlenmek gysgaça - alýan kararlaryňy ölçäp bilmegi aňladýar. Tankydy pikirlenmegi ösdürmegiň käbir usullary, döredijilik işi bilen meşgullanmak, şübhelenmek, faktlary barlamak, meseläni tertibe salmak. Tankydy pikirlenmegiň kyn tarapy,

Elif Şafakyň "Mahrem" romanynda pedofiliýa öwgi barmy?

Elif Şafaky türkmen diline terjime edilen "Yşk" romany bilen hem tanaýansyňyz. Ol türk-iňlis ýazyjysy, feminist, akademik, ýazyjy we zenan hukuklary aktiwisti. "Mahrem"-e, 20 ýyl mundan ozal "Türkiýe Ýazyjylar Birleşmesi" tarapyndan ýylyň iň gowy romany baýragy berlen. Häzir çap edilen neşir sany 60-y geçdi.

Kim kimi ýeňdi?!

Ikinji jahan urşunda, Germaniýanyň dolulygyna ýer bilen ýegsan edilen şäherinde ýaşaýaryn. Friedrichshafen şäheri, nemes goşunlarynyň ýaraglary we uçarlarynyň öndürilen ýeri. Häzir hem bu ýerde dünýäniň iň uly awtoulag zapças öndürýän fabrikalarynyň biri bar. Käbir gürrüňlere görä, ellerinde täze ýarag görnüşleriniň çyzgylary taýýar we uruş ýagdaýy dörese, tutuş fabrikalarynda işleýän enjamlaryň,

Garry mamam we Gitler

Bir gün, fizik, himik we rus dili mugallymy daýylarym, üçüsi bile bir motory otlajak bolýarlar. Motor otlananok. Her ýerini barlaýarlar, ýagyny täzeleýärler, arassalaýarlar, garaz hersi öz ugrundan pikirlenip çözgüt gözleýärler emma otlamak başardanok. Çagalarynyň kösenip duranyny gören mamam pahyr durup bilmän: “Benzini gutarandyr şonyňyzyň” diýýär. Üstlerinden güljek bolýandyr öýdüp, bir-birine

Blogyň Azady © 2026