Staliniň gapysyny ýapdylar - "ИО ОРЕИ"
Bir tarapdan Gruzinleriň sadalygy, özboluşly çözgütleri we tebigy boluşlaryny gowy görýärin. Beýleki tarapdan bolsa şeýle erkin ýurtda ýaşasalaram ýalta bolmaklary gynandyrýar. Muzeý ýaly ýerlerde has sowatly adamlaryň işlemegine garaşýarsyň ýöne käwagt pikir edişiň ýaly boluberenok. Bu suratda görýän ýeriňiz Staliniň gizlin çaphanasynyň muzeýi.
Daşynda durup ýazgyny gören wagtym gülüp başladym. Bu ýerde işleýän ýaşulyny tanamsoň has-da gülkünç geldi. Men düşünemok, ýa gezýän ýerlerimde adamlar hakykatdan hem gülkünç, ýa-da diňe gülkünç adamlar maňa duşýar.
Bu muzeý aslynda Gruziýanyň Kommunist Partiýasynyň howlusynda ýerleşýär. Ýagny bir tarapdan ýarym hususy ýer. Şonuň üçin içinde işleýän iki sany ýaşuly, haçan çilim puly dynsa ýa-da çüýşesi boşasa gelip açýarlar we 5 manat gazanyp ýene ýapyp gazananlary gutarýança gelenoklar. Biletler resmi däl, jübä gidýär. Taryhyny özleri gürrüň berýär we iň soňunda eçileniňi bermeli. 50gram uran bolsalar dagy gowy gyzykly edip gürrüň berýärler. Bahasy şol günki jübüleriniň ýagdaýlaryna we ynsabyna görä 5-10-15 Lari (2-4-6 $) sorap bilýärler.
Diýeli muzeýi ýapdyň, internetde bir goýup, habar bermeli-dä. Biz baranymyzda adamlar gelip dur, hemmesem ýapykdygyny görüp yzyna gidýär. Aslynda şol ýerde Marylylygymy edip gelýänlere muzeýi gürrüň berip gazanç etmeli diýen pikir kelläme geldi. Indiki gezek gidenimde ýaşoklar bilen gepleşip işlemeli öýdýän. Taryhyny bolsa eýýäm öwrendim. Öňki gezek gelen wagtym alan belliklerim we düşüren wideolarym bar. Şolary ulanyp bir youtube wideo ýasap bilsem linkini şu ýere goýjak.
Bu muzeý "Bor-laý barjagam däl" diýer ýaly ýer hem däl, hakykatdan hem gyzykly we wajyp ýer. Sowet soýuzynyň döredilmeginden öňki rewolýusiýa hereketiniň ilkinji başlan ýerleriniň biri. Ýeriň aşagynda gurlan Staliniň gizli çaphanasy.
Gynansagam Staliniň gapysy häzirlikçe "ИО ОРЕИ".