Şäheriň sesi
Täze güýmenjäm, bir gyrada oturyp şäheriň sesini diňlemek.
Çagalar
Saz çalýan oglanlar
Howlugyp barýan gelneje
Söýgülisine duşan ýigit
Çilimini otlap oturan ýaşuly
Jürküldeýän guşlar
Mähir gözläp ýanyňa gelýän güjüjekler
Köçäni ýagtyldyp barýan gyzlar
Çala damjalaýan ýagyş...
...
Her biriniň öz dünýäsi bar, hersi bir zatlaryň köýünde...
Her biriniň problemasy bar
Her biriniň begenji bar
Her biriniň maşgalasy bar
Her biriniň ýarasy bar... ⠀
Käbiri taryh
Käbiri gelejek
Käbiri owadan
Käbiri özüçe wajyp
Käbiri özüne göwni ýetýär
Käbiri özünden göwni geçen...
...
Biri aglap barýar,
Biri gülüp barýar,
Biri ogşap dur,
Biri urup dur,
Biri başga birine bir zat düşündirjek bolýar... ⠀
Garaz dünýä aýlanyp dur we dünýäniň merkezinde bolmak isleýän diňe sen däl...
Syrtym kül üstünde, emma göwnümi elmydama kap dagynda saklajak bolup ýörenime düşündim...
Bu gün ýene bir gezek düşünen zadym: Özüňi görmek üçin oturyp şäheriň köçelerine seretmek gerek...