Öýdeçi pişik bilen ýabany söhbet
Säher bilen turup, eline çaýyny alyp, balkona çykdy. Prawoslaw ybadathanasynyň arkasyndan dogup gelýän günüň şöhlesi ýüzüne düşdi. Telefonyny eline alyp, halk aýdymyny açdy. Aýdymyň ýarpysyna ýetende, nämedir bir zat bimaza eden ýaly, aýdymy öçürip, ýanyndaky oturgyçda oturdy. Içini gepletdi: ”Näme üçin her gezek halk aýdymyny diňlänimde, çagalygym ýadyma düşýärkä? Bu atam bilen eşegarabaly mellege gatnaýarkak aýdyp beren hekaýatlarynyň, ertekileriniň täsirimikä? Belki, bu öz toýumyzda kakam bilen "Muhammet Hanapyýa" dessanyny başdan-aýak bile oturyp diňlänimizden galan täsirdir? Ýadymda, ol dessançy bagşyny kakam toýa ýörite çagyryp getiripdi…”
Ol demsalym ýatlama kölünden çykyp, daşyna göz aýlanda, gapdalynda myrlap ýatan pişigini gördi. Pişik eýesiniň ýüregindäki duýgularyna düşünip, olara şärik bolup bilmese-de, çagalykdan öwrenişen eýesiniň gözüne gözi düşende, gözlerinde mähir göründi. Onsoň eýesi: "Pişijegim, näme: wah, ýüregi özüňki bilen deň gopmajak bolsa, ýanyňda adam boldy nä, haýwan boldy nä?” diýýärmiň diýdi.
Soňam ol halys hyýalbentlige per berip, öz ýanyndan pişigi bilen gepleşip durşuna ýylgyrdy. Elbetde, pişikden jogap ýokdy. Häzir öýdäki ümsümligi bozýan diňe guşlaryň gabatdaky bagjagazdan göterilýän ýiti jürküldisidi. Olaryň saýrak owazy balkonyň açyk aýnasyndan kürsäp girýärdi. Ol pişigini goltugyna alyp, mähir bilen arkasyny sypalady. Oňa arzyny aýtdy: "Ah, sen meniň mähremje pişijegim! Käşgä sen adam bolsadyň, onda men seniň bilen derdinişerdim.”
Pişik bu gezek ”Maňa diýýärmiň?” diýip soraýan ýaly, onuň gözüne göni seretdi.
– Hawa, saňa diýýärin! – diýip, eýesi-de oňa indi daşyndan jogap berdi. – Düşünmeýän bolsaň, nämä ýüzüme beýdip bakýarsyň? Saňa gürrüň bermesem, bu derdi men başga kime aýdaýyn? Bu döwürde duýgyçyl pikirleri sabyrly diňlejek adam galdymy nä?
Pişik, özüniň adam däldigini bildirip, eýesiniň mylaýym äheňine gözlerini süzdi. Myrlady. Eýesi daşyndan pikirlenmegini dowam etdi: "Çagalygym türkmen edebiýatyny, sungatyny gözüniň göreji ýaly görýän maşgalada geçipdir. Atamyň aýdym-saza, edebiýata döreden söýgüsi-de oňa urna... Men özüme siňdirilen yhlasa diňe indi düşünjek bolýaryn. Ýöne düşünip bilýärmikäm? Bir bilýänim: türkmeniň klassyky aýdym-sazyny diňlänimde, ýüregim agyrýar... Belki, bu meniň sungaty gulagym däl-de, süňňüm bilen diňleýänligimdendir?.."
Eýesiniň endigan äheňiniň astynda ukusyny alan pişik, birazdan onuň goltugyndan çykyp, aşak böküp, balkonda ikibaka gezim etdi. Eýesi bolsa, sowap barýan çaýyndan bir owurt owurtlap, ýene öz-özi bilen gepleşdi: "Türkmeniň sazyny ýat illerde, beýik tamyň dokuzynjy gatynda däl-de, gumda, ýylgynyň kölegesinde, ýabany otlaryň ysyny demiňe dartyp, gara taňkanyň çaýyna humarlap diňleseň diýsene…"
Pişik yzyna gelip, eýesiniň aýagyny ýassanyp ýatdy. Eýesi, onuň başyny sypalap, ýene pikir ýumagyny çözledi: "Wah, şu wagt ýurtdan bagşy çagyryp, hezil edip dessan diňleseň! Çykdajysy näçeräk bolarka? Ikirjiňlendi. Aý, ýok, bu maňa başartmaz. Dessançy bagşyny gowusy, goý, ýurduň ösüşinden habarsyz arap tüçjarlary çagyrsyn...”
Bu pikirine onuň özi-de ýylgyranyny duýman galdy:
– Pişijegim, sen galp maglumat iýjekmi ýa günortanlyk?
Ol bu wagt özüniň bagşy däl-de, pikir alyşmaga ýürekdeş adam küseýändigini duýup, ýerinden turdy, dokuzynjy gatdan ýat ýurduň güllerine göz aýlap, pişigine kinaýaly ýüzlendi:
– Pişijegim, hany senem diý-ä birzatlar! Meni gepledip, özüň dymyp ýatma! Nä bu durmuşy dymyp ýeňen barmy?!