Mukaddes gabyk we paýhasyň anatomiýasy

Okamak, bilim almak, öwrenmek diýlen zat wajyp zat däl. Ýokary okuw jaýyny oka, gaty kagyzy eple, dykmaly ýerine dyk dursun. Galan walakidalary biz ýol ugra çözýäs. Zehinimiz edil daşy ýaryp bilmese-de metaly eredýär. Ine mysal; "Okaňda-da bal ýok, hanha Berdi pistoletiň ogly ýuridiçeski okap geldi, maşyn alyp satýar, has gowy gazanýar. Hemem halal pul, beýleki ýaly ondan mundan işlänok." diýip, Alýoş taksist, Apyrýaldan ýykylyp gelýän Baýram partygyň ogluna göwünlik berdi.

Men muny eşidemsoň şeýle netijä geldim, Türkmenleriň arasyndan Stefen Hawking çykarmagam kyn däl. Prosto biz beýle kelle agryny özümiz islämizok, eger islesek "mesele hiç hili mesele däl".

Okamaň, biljek bolmaň, ösjek bolmaň, eger beýle bidüzgünçilige baş goşsaňyz, öwrenen zatlaryň köpelýär we jogapkärçiligiň artýar. 5 gektar mellegiň idegi bilen 1 gektaryňky deňmi? Beýniň näçe kiçi bolsa idegi şonça aňsat.

Meniň gowy bir ideýam bar; beýniň daşyna dolanan gabyga hiç wagt degmeli däl. Ony has galňatmaly we mümkin boldugyça meýdanyny kiçi saklamaly. Şeýle bir galyň bolmaly weli, ol biziň bir organymyz ýaly, çümmükleseň agyrmaly, sypalasaň meýmiremeli, döwjek bolsaň bokurdagyňa pyçak sokulýan ýaly bolmaly.

Gabygyň daşyndan gelýän sesler düşnüksiz bolsa, ol idili zat däldir, belki sögünçdir. Şeýle oňaýsyzlyga duçar bolsaň, hökman garşylyk görkez. Üssesine, gabygyň içinde nähili owadan bagtly durmuşyň barlygyny adamlara düşündirmäge synanyş. Gabygy döwmän saklamak, ony gözüň göreji ýaly goramak dünýädäki iň abraýly iş. Ol hakda aýdylan owadan sözleri tapyp adamlara ýetir. Sebäbi, okajak bolýan, öwrenjek bolýan, sorag soraýan, intellektuallyga ymtylýan adamlaryň garşysynda sen özüňi abraýly görkezmeli. Olardan galmaly däl. Dymma, bat bilen gürle, beýni bilen aradaky kabel üzülen bolsa-da, hudaý agyz beripdir, hökman ulanmaly. Iň soňky maslahatym,  gabygyň mukaddesligine bolan ynamyňy hiç wagt ýitirme, eziz doganjygym, şonda ösersiň, abraýyň bolar, seni hemmeler alkyşlar, eziz doganjygym!