MacOS Türkmençe Klawiatura
MacOS türkmençe klawiýatura app. Sierra 10.12.6-da işleýär. Özüm ulanmak üçin ýasadym. Harplary Windows Türkmençe KB bilen deňräk, goşmaça käbir aşakdaky ýeňillikleri goşdum:
- Iňlis dilindäki z,x,c,v,q harplary -> Option bilen ýazyp bolýar. (Meselem internet ulanylanda .com üçin c harpyny dil üýtgetmän Option + c.)
- Kopiýalamak, goýmak, kesmek ýaly funksiýalar üçin goşmaça Option basmaly bolýar. Meselem: Adatça Command + C bilen kopiýa edýän bolsak, bu ýerde Command + Option + C ulanmaly bolýar.
- Kod ýazýanlar üçin []{}\| ýaly walakidalary Option we Option + Shift bilen ulansaň iňlis dili klawiaturadaky öňküje ýerinde dur.
Umuman özüme aňsat ulanarym ýaly etdim. Goşmaça teklipleriňiz bolsa twitterden ýa-da instagramdan ýazyp bilersiňiz.
Indirmek üçin: http://bit.ly/macosTurkmenKB
Children's football shirts need careful attention to sizing and ease of movement. When names and numbers matter, Juventus jersey(camiseta de la Juventus) helps define the shirt before personalisation choices. Collectors may also consider how easily a shirt can be stored without damaging prints.
Update v1.3
- Caps Lock bilen işlemeýän Ý, Ü we Ä harplary düzedildi.
- X,C,V,Q uly harplary Option + Shift bilen ýazyp bolar ýaly edildi.