Germaniýa nädip işe baryp bolýar?
Çar tarapdan gelýän soraglaryň iň meşhury “Germaniýa nädip baryp bilerin?”. Ol tema giň, wagtym az we men doly düşünmeýänim üçin, iş üsti bilen nädip gelip boljagy hakynda maglumat bereýin. Belki sorag soraýanlaryň belli bir bölegini kanagatlandyrar. Soran wagtlary link berer ýaly gollanmajyk döredeýin diýdim.
Bellik: Bu makala diňe umumy maglumat bermek üçindir. Aşakdaky linklerde iňlis dilinde has açyk düşnükli ýazylan makalalardan detally maglumat almagy maslahat berýän.
Näme üçin Germaniýada işlemeli?
Jogaby belli ýalydyr ýöne puldan has wajyp bir zat bar. Tejribe. Ýokary hilli iş talabyny kanagatlandyrmagy we düzülen iş sistemasyny öwrenmegi, 3-5 müň dollar aýlyk bilen ölçäp bolmajak derejede gymmatly hasaplaýaryn.
Şu ýere bir bellik edeýin, bu makala ýurduňy taşlap gaýtmagy ündeýän däldir. Hiç hili syýasy maksadym hem ýok. Dünýäniň dördünji iň uly ekonomikasy (2019) bolan Germaniýanyň iş sistemasyny öwrenip, gazanan tejribeleri bilen yzyna dolanyp, gelejekde, ýurdumyzyň ekonomikasyna goşant goşup biljek adamlaryň döremegi ählimiziň iň uly arzuwymyz.
Germaniýada iş köpmi?
Zyňşyp oýnasaňam bar. Şuny ýazyp oturan wagtym 1.2 million iş orunlary işgärlere garaşyp dur. Firmalar işgär diýip nalap ýörler. Şonuň üçin hökümet täze kanun kabul etdi. Hünärli adamlaryň Germaniýa işlemäge gelmek prosesi öňküsinden aňsatlaşdyryldy.
Öň nähilidi, häzir näme üýtgedi?
Öň, Ýewropa Bileleşiginiň graždany bolmaýan biri işe girjek bolsa, Arbeitsamt (bizdäki: zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi) diýilýän edaranyň üstünden aýlanyp geçmelidi. Olaram özleriçe näzini çekdirmegi gowy görýärdi. Indi şol edaranyň täsirini azaltdylar. Şeýlelikde elinde hünäri bolan her kim üçin iş maksatly Germaniýa göçmek aňsatlaşdy.
Bu kanun (Skilled Labour Immigration Act) haçan güýje girýär?
7-nji Iýun 2019-njy ýylda mejlisden geçdi we 1-nji Mart 2020-nji ýylda güýje girýär. Federal hökümetiň aýdyşyna görä, ýylda 25.000 hünärli işgär ýurda geler.
Hünär-hünär diýip ýykdyň-aý dost, hünärli bolanda kim bolýar
Uniwersitet diplomy bolanlar we Germaniýa tarapyndan kabul edilýän professional okuwly işgärler.
Nädip tabşyrmaly? Nädip almaly? Nireden başlamaly?
Oturyp internetden öz hünäriň boýunça işe tabşyryp kontrakt alyp bilseň-ä mesele ýok.
- Eger kontrakt alyp bilmeýän bolsaň, professional okuw okanyňy subut edip bilseň, 6 aý “iş gözlemek” wizasy berilýär. Şol döwürde hepdede 10 sagat barlag döwri işi (probation time) ýa-da praktika (internship) geçmäge rugsat berilýär. Gerekli şertler: Ýaşamak üçin belli mukdarda pul (aýlyk ortaça 750 ýewro) we B2 derejede nemes dili.
- Daşary ýurtdaky nemes mekdeplerinde okanlar, okuwyny dowam etdirmek üçin, ýokary okuw jaýy üçin ýa-da praktika geçmek üçin gelip bilerler.
- ÝB raýaty bolmaýan hünärli işgärleriň immigrasiýasy “işgäri azlyk edýän kärler” kategoriýasy bilen çäkli däldir. Ýagny, bu kanun aşakda agzalýan kärler bilen çäkli däl. Ýöne bulardan başga kärleri, öz ilaty ýeterlik derejede kanagatlandyrýar. Şonda-da “meniň nemesden näme kemim bar” diýýäniň bar bolsa synanyşyp biler.
Haýsy kärlere hünärmen ýetenok?
Meselem, doktor, fizioterapewt we şepagat uýalary (aýal/erkek), IT Spesialistler, inženerler we gurluşyk ussalary (craftsmen), aero ekspertler, mekatronikler, elektrik inženerleri, energiýa tehnologlary we STEM (kompýuter, matematika, tebigy bilimler, tehnologiýa) professiýalary. Giňişleýin maglumat şu ýerde.
Iş bazarynyň iň köp talaby haýsy ugurda?
Elbetde IT Spesialistler. Olar üçin kanuny ýörite çalaja deşip, ýurda aňsat girer ýaly ýol ýasapdyrlar. Diňe IT ugrunda işlejekler üçin okuw okanyňy görkezmek hökman däl. Birnäçe ýyl şol ugurda işlänligiň barada subutnamaň bolsa ýeterlik. IT-çilere bal çalynýan döwür.
Jemlesek
Eger ugruň IT däl bolsa, Germaniýa tarapyndan kabul edilýän professional okuw derejäňi, B2 derejede nemes diliniň sertifikatyny we ýaşamak üçin belli mukdarda pul görkezip, iş gözlemäge her kim gelip biler. Iňlis dilinde hem işler bar, ýöne dünýäniň her ýerinden nemesçe öwrenmäge ýaltanýan güýçli spesialistler ol iş orunlaryna köp tabşyrýarlar. Elbetde özüne göwni ýetýän ýene-de tabşyryp biler. Käbir firmalar işini gowy bilýän hünärmenler üçin dil şertine seretmän işe kabul edip bilýär.
Käbir peýdaly linkler:
Iş gözlemek ýa-da başga maksatlar bilen Germaniýa göçmek hakynda dürli dillerde maglumat berýän saýtlar:
Iş orunlary hakynda bildiriş berilýän saýtlar:
CV Taýýarlamak üçin käbir saýtlardan peýdalanmak size peýda getirer. CV (Rezume) taýýarlanyňyzda öz ugruňyza ýakynrak formatda taýýarlajak boluň. Meselem dizaýnerler CV owadanlygy bilen hünärini görkezjek bolmaly we ş.m. Ugry IT bolmaýanlar aşakdaky linklerden taýýarlap bilerler. Meniň maslahatym öz ugruňyz boýunça işläp ýören başga adamlaryň taýýarlan CV-leriniň formatyna göz aýlamak. Google daýyňa meseläňi arz et.
CV taýýar, indi? Ýaba çeňňek taşlap probkaň çümmesine garaşyp oturmak bolanok. Ýatdan çykarmaly däl, işe diňe sen tabşyraňok. Konkurensiýa bar. Şonuň üçin näçe özüň hakda jikme-jik (precise) maglumat berseň şonça gowy. Cover Letter diýilýän bir bela bar, ýaltanman, üns berip we iş edinip şony hem taýýarlamaly. Ine şu linklerde nädip ýazmalydygy hakynda maglumatlar bar.
- themuse.com/advice/how-to-write-a-cover-letter-31-tips-you-need-to-know
- blog.employland.de/en/how-to-boost-your-german-cover-letter
Boldy indi mundan beter näme gerek?
Käbir adamlaryň hünäri bar, hemme zady gabat gelip dur ýöne e-mail ýazyşmagyň kadalaryny bilmeýäni üçin işe girip bilenoklar. Professional durmuşyňda, e-mail ýa-da çat ýazyşmalaryň etiketini bilmeseňem bolanok. Biz internetde ýazyşmany, Imo-da beýleki klasdaky wasýok bilen sögüşip öwrendik, bolanokda onsoň şol.
- thebalancecareers.com/email-etiquette-tips-for-job-seekers-2062199
- cirrusinsight.com/job-search-email-etiquette
Bulardan başga-da eden işleriňiz tejribeleriňiz hakynda portfolio döredip bilseňiz köp ýerden interwýu çakylygy alarsyňyz. Portfolio, Cover Letter, CV taýýarlanyňyzda üns berilmeli zat, ýazýan zatlaryňyzyň ählisi tabşyrýn işiňiz bilen bagly bolsun. Meselem, elektrik inženeri ýöne arasynda lewy söwda edýärdim diýmek gerek däl. Käriňizi üýtgeden bolsaňyz ony bellemek gowy bolup biler. Meselem, okan ugruň taryhdyr ýöne soň dizaýner bolansyň. Umuman tabşyrylýan işe "berlen" adam bolmaly.
Berýän linkleriň ählisi iňlis dilinde, iňlis dili bilmeseň bolanokmy?
Germaniýada iňlis dili (15%) ýa-da nemes dili (80%) bilmän işe girmek üçin bagtyň çüwmeli (5%). Şonuň üçin ilki bilen dil öwrenmek bilen başlap şony bir ýan ýüzli edip soňundan iş gözlegine çykmaly bolarsyňyz.
Wagtal-wagtal maglumat goşup makalany täzeläp duraryn. Ýalňyş görseňiz kommentde duýduryň.
Peýdaly bolandyr diýip umyt edýärin. Üstünlik hemraňyz bolup daşyňyzdan aýlanyp dursun!
Aşakda bu tema barada sorag-jogap alşalyň. Bilşime görä, wagtyma görä jogap berjek bolaryn. Eger siz bu barada bilýän bolsaňyz, jogaplaryňyz bilen gyzyklanýanlara kömek edip bilersiňiz.
Surat çeşme: amazon.com