Ikinji jahan urşunda, Germaniýanyň dolulygyna ýer bilen ýegsan edilen şäherinde ýaşaýaryn. Friedrichshafen şäheri, nemes goşunlarynyň ýaraglary we uçarlarynyň öndürilen ýeri. Häzir hem bu ýerde dünýäniň iň uly awtoulag zapças öndürýän fabrikalarynyň biri bar.

Käbir gürrüňlere görä, ellerinde täze ýarag görnüşleriniň çyzgylary taýýar we uruş ýagdaýy dörese, tutuş fabrikalarynda işleýän enjamlaryň, robotlaryň programmasyny 30 minutda üýtgedip ýarag öndürer ýaly ýagdaýa getirmäge taýýar, diýýärler.

Özümem şol agzalýan robotlaryň biri bilen işleýän. Pikir edip görsem, hakykatdan hem ýarag öndürmek şeýle aňsat diýip boljak. Iki jahan urşuny başdan geçirensoň galmaz edilip, bergä batyrlan ýurt, häzir dünýäniň iň güýçli ekonomikasy. Ýöne özi üçin ýarag öndürmäge häzirlikçe rugsady ýok diýiljek derejede çäklendirilen.

Ýöne bu zatlaryň hiçisiniň manysy ýok. Esasy zat biz ýeňdik. Gutly bolsun ýeňiş baýramyňyz!