Daş Metjidiň şöhleleri
Tebigy ýollaryň üstüne dökülen betonyň toprak bilen birleşýän ýerinde, dik asmana galyp duran, haýbatly demir sütünleriň egik kellesinden akýan ýagtylyk, ýöräp barýan owadan zenanyň ýüzüni bir salymlyk ýagtyltdy. Ýaş ýigit, ilki bilen Maýsanyň lowurdap duran monjugyny synlady. Bagtly bolmagy özüne köp görýän ýigit, dessine ýüzüni öwrüp, günä iş eden dek utandy. “Her gijäniň özboluşly ýagty şöhleleri bolýar” - diýip oýlandy.
Şatdy, olara uzakdan syn edip, assyrynlyk bilen içini hümürdedip gelşine, demir sütüniň alkymynda aýak çekdi. Sypatynda rehim şepagatdan gönezlik galmadyk äpet pyýada, içi boş kellesini ýokary galdyryp gaşyny çatdy. Ýagtylyk gözüni gamaşdyrýany üçin gaharly görünse-de, samyrdysy pälini belli edýärdi: “Döweniň bilenem azalyberenok”.
Ol, Daş Metjidiň köçelerinde şöhle saçýan ähli zady howply hasaplaýar. Däli Batyryň ýalpyldap duran kellesine çekiç bilen uran gününden bäri, bütin oba muny bilýär. Sebäbine düşünmek o diýen kyn däl. Şatdynyň, tapan-tupan ýerine uly meýdan edýänine, demir sütünlerden başga şaýat ýok. Ne ýaş çatynjalaryň bagty, ne-de ýagtyda şatlykly tans edip uçuşýan dürli jandarlar onuň piňine degenokdy. Ol, garaňkyda ýaşamaga öwrenişen, bir aýagy çukurda, şerapdan arryk düşen bedeni, segsen gram pohuny islän ýerine taşlap, janyna aram gözleýän nalajedeýin adamdy.
Soňky döwür çyra görse döwmelidir öýdýänleriň köpelmegi, oba halkyny biynjalyk etse-de, arasynda dil ýaryp bilen tapylmady. Şonuň üçin bir döwen, şonuň keýpine täze çyra gözläp ýören boldy.
Şatdynyň filosofiýasy; döwlen her çyra - erkinlik. “Onça çyranyň geregi-de ýok. Obamyza ýeke çyra ýetik. Kime ýagtylyk gerek bolsa şondan alybersin” diýýärdi. Şöhleler, garga sypat jandarlaryň islän ýerinde maslyk sorup, islän ýerini pohlama erkinligini elinden alýar. Obada biri floresan, biri sary, ýene biri gök şöhle bolmak isleýärdi. Uly iliň ýöreýän ýoluna uly meýdan etmek, adamzadyň fundamental hukugy hasaplanylýan ýerde, şöhle bolanyňdan, Kerim çopanyň gören tiline süýkenip ýören agyraýak mäkisi bolanyň has abraýly.
Bu ýagdaýy özlerine pursat bilen çyraçylara näme diýjek. “Ota meňzesem dok ýaşaryn” diýýän, kellesine goýun sapylan ýarym kürreler, ýalpyldap duran kel gapyrjaga ýaşyl kraska çalyp, özleriçe şykyrlaryna guwanyşyp ýaşap ýörenleriň sany sanardan sogap.
Bu ýagdaýa çözgüt tapmak üçin teläriniň kölegesine bir jemende ýygnandy. Göni ýolda kölegesine büdräp ýören Anna partyk, beton sekiniň jaýrylan ýerini böwsüp çykyp gelýän ýandagy çürtüp oturşyna, orta bir teklip tigirledi. “Hemmä deňlik. Obanyň ortasyna, Andreýiň dükanynyň dötüne, ýeke lampa dakalyň, reňkinem gara boýalyň”. Teklip bir agyzdan kabul edildi. Şol günden başlap, her bir Daş Metjitli, islän ýerinde islän pohuny iýmäge erkinlik gazandy. Alnan karara görä, altmyş wattlyk gara çyra öçýänçä, töwerekde şöhle görünmeli däl. Ýygnakdan öňinçä, hindi Azadyň aýdýan aýdymyna tans edip gelen Şatdy, köwşüne çyrşalan boky arassalap oturşyna “Şynyňyza gowwolleý, näçe boka batsamam köçede aýagymy hiççim görenok”- diýip, alan kararlarynyň jaýdarlygyny nygtady.
Wagtynda, obamyzyň elektrigi Öwülýaguly mantýor, her öýe bir lampa dakjakdy. Emma gytçylyk döwürde obanyň ýekeje harazynyň eýesi özi bolansoň, Narimanyň buluçlarynyň bugdaýyny üwemek bilen başagaý bolup, bu dünýäden ötüp gitdi. Adamlaryň bolsa gözi garaňkylyga öwrenişdi. Bu meselede iň köp ejir çekenler, arzan bahadan lampa paýlamak üçin oba gelen daşary ýurtly telekeçiler boldy. Olary iň soňky gezek görenler: “Eli taýakly Şatdydan gaçyp, jan howluna depä ýazzyny berdiler” diýip gürrüň berýärler. Birnäçe ýylyň dowamynda obada ýek-tük eli lampaly telekeçiler göründi. Emma olaryň hem aýak yzlary obanyň derwezesinde ýitip gitdi.
Bolýan wakalardan habarsyz, howsalaly geçen günlerden aryny alýan ýaş juwanlar, obadan gelýän ýakymsyz yslardan uzaklaşýardy. Şöhlesi heniz kesilmedik demir sütünleriň ýagtysyna tarap haýaljak ýöräp baryşlaryna, uly ýabyň boýunda gözden ýitip gitdiler.