Boş çüýşäniň gerek ýeri
Şemalyndan tüweleý turuzýan gelneje, täze alan ýaşyl köýnegini geýdi-de, boýnuna gapak ýaly gülýakasyny dakyp, “köçe meniňki” diýen ýöriş bilen zala girip gitdi. Zaldakylaryň “ýene şu kempirmaý” diýen seredişleri bilen, 20 ýyldan bäri ýat tutup bilmedik goşgusyny okady.
Goşgynyň mazmuny hakynda zaldakylaryň düşünen ýekeje zady, gapyrjakdan çykan gurbaganyň owadanlygy barada edebi waspnamady. Ýazan goşgusyna özi hem düşünmeýän kempir, labzy bilen many berjek bolup çyglyp duran ýerinden, zaldaky diňleýjilere-de göz aýlaýardy. Arkadaky çala açylan gapynyň garşysyndaky diwara ýaplanyp duran ýarym tüýlek, gödekje pyýadadan gorkusyna, demini gulagyndan alyp oturan zaldaky ýaş komsomollaryň arasynda goşgusyna göze iler derejede duýgudaşlyk görkezýän ýokdy. Üçünji setirde, bir sakgally gyzyň ýanynda oturan oglanyň elini gymyldadýanyny görüp begendi. Ýüzi kirsabyn bilen ýuwlan, uzakdan seredeniňde, gatan sypatyndan birbada hiç zat aňyp bolmaýany üçin oňa has siňe seretdi. Çep eliniň süýem barmagyny burnunyň sag deşigine sokup, gazap oturanyny görmek üçin beýle ýiti göz gerek däldi. Daşyndan, ýitiren gymmatbaha göwherini gözleýäniňki ýaly, yhlasly çemeleşişini synlady. Öz ýanyndan, "burny gopan ýer ýuwdan, eliň burnuňdan çykanda, ýalňyşyp ýanyňdaky gyzyň sakalyna bir çalaýma" diýip, içini gepletdi. "Men näme üçin bu sypan çotgalary gaýgy edýän diýsene, häzir pulumy alsam, ýüz gram alabaý bilen çözülýär-ä bu zatlar".
Sahnadan aşak düşülýän basgançaga tarap ýöräp başlanynda, standart elçarpyşmalaryň içinde, ýürekden çarpýany barmyka diýip, umyt bilen zala göz aýlady. Zalda, burunyň çep deşigini gazyp bolan oglanyň sag deşige aralaşmak üçin barmagyny ýokary galdyryp barýany gözüne ildi. Şol halda, basgançakdan düşüp gelýärkä, aýagyny basan ýerindäki agajyň jygyldysyna tisgindi. "Wah şu wagt arkadaky ýarym tüýlek bolmadyk bolsa, şu jygyldaýan agajyň çüýlerini şol burunlak oglana pil deregine hödürlärdim" diýdi. Kempirden soň sahna çykmak üçin garaşyp duran, ýeňsesi poslan pil ýaly burunlak pyýada, çüý we burun sözlerini eşidip, özüne aýdylýandyr öýdüp, çiňerilip seretdi. Zaldan çykyp barýan gurbagaçy kempir, gapynyň bosagasyndan ýene bir gezek zala seretdi. Zalda, burnundaky deşikler bilen işi biten oglanyň barmagyny ýanbaşyna tarap süýşürip barýanyndan başga hiç zat görüp bilmedi. Şonda ol, düýnki içen alabaýynyň böwri deşilen boş çüýşesini ýany bilen getirmedigine ökünip, çykyp gitdi.
Şeýle wakalar günde-günaşa bolup dursa-da, üçünji setirde oturan arheologyň ykbaly hakynda hiç kim dil ýaryp bilmedi.